Ýigrimi ýyl ozal bu meseläniň goýluşy gümana bolupdyr. Ýöne häzirki wagtda taryhy umumlygy we ruhy taýdan özara birleşdirilen türki dillerinde gepleýän döwletleriniň topary işjeň integrasiýa ýoly bilen öňe barýar we durmuşy-ykdysady giňişliginde iň wajyp gatnaşyjylaryň birine owrülýär.
SSSR-iň döwmesinden soň slawýan dünýäsi diýilýän halklaryň topary (dil umumlygy boýunça birleşdirilen döwletler – Orsyýet, Ukraina, Polşa, Bolgariýa, Belarus, Çehiýa, Ýewropa territoriýasynda yerleşýän jemi ýigrimisine golaý ýurtlar we halklar) barada hakykatda hiç ýatlap geçme ýok bolsa, türki dilinde gepleýän döwletler höwes bilen dostlaşýarlar.
Häzirki wagtda , dürli yurtlarda we kontinentlerde ýaşaýan halkary birleşdirýän Türki dünýäsi 165 milliona golaý ilaty öz içine alýar. Olar ýigrimi sany gowrak dünýäniň döwletlerinde, şeýle hem Günorta Amerikada we Ýewropa Bileleşiginiň döwletlerinde ýaşaýarlar. Mysal üçin, Orsyýetde tatarlar, başkirlar, çuwaşlar, kumyklar (Kawkazda), tuwinler, hakaskar, ýakutlar, karaçaýwlar, çerkesler, balkarlar, nogaýlar ýaly türk halkyýetleri ýaşaýarlar. Moldawiýada bolsa gagauzlar diýen türk halkyýeti ýaşaýar. Globalizasiýanyň we integrasiýanyň güýçlendirmesi netijesinde türki halkary jahanyň başga küknjüklerinde-de, şol sanda ABŞ-da we Awstraliýada, ýerleşipdirler.
Türk halklaryň köpüsi din boýunça musulmandyr.
Munuň düýbi 1992-nji ýylda ýüze çykdy, şol wagty öňki sowet respublikalar bolan ýaş döwletler özleriň garaşsyzlygynyň halkara güýçlendirmesini gazanjak bolupdyrlar. Şol döwürde, Türkiýeniň paýtagtysynda birnäçe döwletler Ankara beýannamasyna gol çekdiler. Beýannamada bolsa türki dünýäniň giňişliginde özara hyzmatdaşlygy ösdürmegi barada döwletleriň islegleri bellenildi.
Mundan on ýyl ozal Azerbaýjanyň Nahçywan şaherinde, gatnaşyklary ösdürmegiň we giňeltmegiň strategiýasyny anyklaýan, Türki dilli Döwletleriň Hyzmatdaşlygy Geňeşiniň döredişi barada Jarnamasyna gol çekildi. Şol waka doganlayk ýurtlaryň aragnatnaşyklarynyň taryhynda täze, barha paýhasly we pragmatik tapgyra başlangyç berdi.
Bu ýyllaryň dowamanda Geňeşe gatnaşýan döwletler – Azerbaýjan, Kazagystan, Gyrgyzystan – we Türkiýe – berk institusional arhitekturany gurdular. Hususan hem, Türki Parlament Assambleýasy, Türki halklaryň medeniýetiniň halkara guramasy (TURKSOÝ), Türki halkaryň Akademiýasy, Türki halklaryň medeniýetiniň we mirasynyň Gaznasy, Ýaşulular Geňňeşi, Söwda we Senagat Edarasy.
Bu meýil ýene-de bir waka bilen berk edildi. Azerbaýjanyň paýtagtysynda ýaňy-ýakyňda bolup geçen Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Özbekistan we Wengriýa döwletleri dürli statuslarda guramanyň agzalygyna kabul edilipdirler.
Elbetde, Wengriýanyň türki dünýäsine girişi üns berilmegine mynasyp waka, çüňki bu döwlet Ýewropa Bileleşiginiň iň işjeň agzalarynyň biridir.
Türki halkaryň taryhyndan başy çykmaýan adama Geňeşe Wengriýanyň girişi geň görünýär. Ýöne, 1130 ýyl mundan ozal wengrler Deşt-i-Kipçak (häzirki Kazagystan territoriýasy) atlandyrylan mähriban gonagla ýerlerinden hemişelik gidip Ýewropanyň merkezine göçüpdirler. Mümkin, bu aragatnaşyk häzirki wagtda täze şekilini gazanýardy, sebäbi bu halklarynyň hakyky taryhy bir umumy, olara gen derejede ýürekdeş we düşünikli çeşmelerden gelip çykýar. Ähtimal, şol ozalky gözbaşyny ýadynda saklaýan, Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban, adatça türki dilli döwletleriniň birinde geçirilýän, Çarwalar Dünýä Oýunlaryny her gezek görmäge gelýär. Hem-de ol türki dilli döwletleriň baştutanlarynyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň her duşuşyklaryna gatnaşýar we öz döwletiniň Türki Geňeşine goşulmasy şol guramanyň Ýewropa bilen hyzmatdaşlygyň ösdürmegine we berkitmesine ýol açar diýip umyt edýär.
Özbekistanyň guramada doly hukukly agzalygy türki dilli döwletleriniň raýdaşlygyna goşant eder, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar, halklaryň abadançylygynyň şanyna sazlaşygyň derejesini artdyrar.
Bakuda geçen sammitde türki dünýäniň döretmesiniň arhitektorlarynyň biri hökmünde hasaplanýan Kazagystanyň ilkinji Prezidentiniň Nursultan Nazarbaýewiň tagallalaryna hem ýokary baha berildi. Türki dünýäde gatnasyklary ösdürmekde we Türki dilli Döwletleriň Hyzmatdaşlygy Geňeşiniň döretmesinde uly biteren hyzmatlary üçin, Nursultan Nazarbaýewiň guramada işjeň gatnaşmagynyň dowam etmegi maksady bilen, onuň üçin Geňeşiň ömürlik Hormatly Başlygy atly ýörite wezipe döredildi.
Hakykatdan, birleşigiň türki dünýäni syýasy ýa-da harby guramalaryň çäklerinde däl, eýsem ykdysady-durmuşy, medeniýet-ynsanperwer gatnaşyklaryň formatynda, halklaryň gelip çykyşynyň umumy taryhy esasynda gurmak ugrundaky tagallalary halkara synçylarda täsir galdyrdy. Bu bolsa birleşigiň geljegi bar bolan we köp umytly niýet hökmünde ägirt uly üstünligi bar.
Açyklygyň, köpmilletliligiň, köpdinligiň netijesinde, ýylsaýyn halkara hem sebit derejesinde Türki Geňeşiniň syýasy we ykysady abraýy artýar. Politologlar türki dilli döwletleriniň birleşigi gysga wagtyň içinde özi barada has-da güýçli ses bilen bildirer diýip ynanýarlar, şol sebäpli, köp ösen döwletler üçin bu guramada agzalyk möhüm ähmiýetleriň birine öwrüler.///nCa, 1-nji noýabr 2019 ý.