Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Kasym-Žomart TOKAÝEW
Şu ýyl Abaý Kunanbaýewiň doglan gününiň 175 ýyllygy bellener. Biziň halkymyzyň beýik oglunyň doglan gününe bagyşlanan dabaralary ýokary derejede geçirmek üçin ýörite döredilen topar taýýarlyk işlerine başlady. Giň gerimli dabaralaryň milli hem-de halkara derejede guralmagy meýilleşdirilýär. Bular diňe bir baýramçylyk dabaralary bolmak bilen çäklenmän, milli düşünjäniň giňelmegine, özüňi tanamaklyga we ruhy kämillige ýol açmaly.
Elbetde, Abaý Kunanbaýew alym, akyldar, şahyr, magaryfçy, häzirki zaman milli edebiýatynyň düýbüni tutujy, terjimeçi we kompozitor hökmünde biziň ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Onuň goşgularynda we kyssa eserlerinde halkyň milli düşünjesi, dünýägaraýyşy, häsiýeti, kalby, ynamy, dili, däp-dessurlary we ruhy görkezilip, olar soňra Abaýyň dünýäsi diýlip atlandyrylan özboluşly hadysa hökmünde kesgitlendi.
Geçen ýyl Abaýyň eserlerinden bölekleri okamak möwsümi geçirildi. Läýlim atly mekdep okuwçysy tarapyndan hödürlenen bu başlangyjy goldap, men hem şol dabaralara gatnaşdym. Mekdep okuwçylaryndan başlap ululara çenli, şol sanda dünýä derejesinde belli bolan, köp adamlaryň işjeň gatnaşmagynda geçirilen şol dabaralar birnäçe aýlap dowam etdirildi.
Şunuň netijesinde bütin Gazagystan ýene-de bir gezek Abaýyň mirasynyň jümmüşine aralaşdy, oňa öz hormat-sarpasyny bildirdi, onuň wesýetlerini häzirki zaman nesli terbiýelemegiň netijeli usuly edip ulandy. Şu ýyl, şahyryň doglan gününiň 175 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde, çellenj, Abaýyň goşgularyny okamak möwsümi işjeň dowam etdiriljekdigine men ynanýaryn.
Ýelbasy, Ilkinji prezident we Milli lider Nursultan Abişewiç Nazarbaýew “Geljege garaýyş: jemgyýetçilik düşünjesini döwrebaplaşdymak” makalasynda jemgyýetçilik düşünjesiniň täzelenmeginiň ähmiýetini aýratyn belledi. Milli düşünjeliligi gorap saklamak we häzirki zaman talaplara uýgunlaşdyrmak umumy milli meselesine öwrüldi, sebäbi düşünjäniň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň ХХІ asyrda ýokary depginli ösüşine ýol açýar.
Şunuň bilen baglylykda, men Abaýyň goýan mirasyny örän zerur hasap edýärin. Bu beýik şahyryň eserleri şu güne çenli özüniň wajyplygyny ýitirmän geldi. Abaýyň pikirleri biziň hemmämiz üçin hemişe ruhy baýlyk bolup biler. Ýokarda beýan edilenleri nazara almak bilen, milleti we ýurdy döwrebaplaşdymak üçin onuň eserlerine täzeden düşünmek we olary biziň amala aşyrýan işlerimizde ulanmak zerur bolýar.
Men şu makalada Abaýyň wesýetleriniň biziň döwrümiz üçin wajyplygy, biz beýik şahyryň eserlerinden çykarmaly netijeler barada pikirleri jemgyýetçilik bilen paýlaşmak isleýärin.
Milli häsiýetiň, mentalitetiň – aňyň nusgasy, göreldesi
Galkynyş we döwrebaplaşdyrma – bu diňe geçmişden üýtgeşiklik däl-de, eýsem täzelige, üýtgeşik gymmatlyklara açyklykdyr.
Hakykatda, bu ösüşiň we döwrebaplaşdyrmagyň gidişi bolup, onuň barşynda milli gymmatlyklar şu günki oňaýly ýörelgeler bilen utgaşdyrylýar, olara laýyk getirilýär. Bu ýagdaýda biz Abaýyň goýan mirasyny unutmaly däldiris. Galyberse-de, bu beýik akyldar bir asyrdan gowrak wagt mundan ozal milleti täze döwre laýyk getirmek üçin kämilleşmeklige, täzelenmeklige çagyrýardy.
Milli lideriň hem: “Wagtyň we dünýäniň üýtgäp durýandygyna garamazdan, biziň halkymyz Abaý bilen maslahatlaşyp, her sapar özi üçin onuň beýikliginiň täze taraplaryny we çuňlugyny açýar. Abaý hemişe, asyrlaryň dowamynda öz halky bilen bolup, gazagystanlylary täze belentliklere ýetmeklige çagyrar”, diýen sözleri bu şahyryň goýan mirasy ebedi wesýet ýaly hormatlanjakdygyna şaýatlyk edýär.
Biz Abaýyň eserlerine ýüz tutsak, ol halkynyň kämilleşmegini we ösmegini tüýs ýürekden isländigini aýdyň göreris. Bu esasy pikir onuň ähli işleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ösüşiň esasyny bilim bilen ylmyň düzýändigi hemmelere mälim. Abaý hem gazaklar yzygiderli okap, täze bilimleri ele almaklaryny tüýs ýürekden arzuw edipdi. Onuň “Ylmy öwrenmezden öwünme” diýen sözleriniň manysy ylmy öwrenmän, üstünlik gazanyp bolmajakdygyny aňladýar. “Ylmy baýamak üçin öwrenme” diýen beýleki wesýetinde ol ylmy halkyň gülläp-ösüşi üçin öwrenmelidigini aýratyn belläpdi. Beýik Abaýň ýene-de aýdan: “Öz bähbidiň barada oýlanma, abraýyň barada pikir et, bilime höwes bildir” – diýen sözlerine hem edil şunuň ýaly düşünmeli.
Şunuň ýaly düşünje şu günlerde hem wajypdyr. Takyk aýdylanda, ol häzirki wagtda has uly wajyplyga eýedir, sebäbi biz ylymyň XXI asyrda çalt depginlerde täze belentliklere ýetirilýändigini görýäris. Biziň wezipämiz bolsa diňe ösüşden yza galmazlyk däl-de, eýsem öňdebaryjy orunlary eýelemek bolup durýar.
Munuň üçin, biz, ilki bilen, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaly. Şu maksada ýetmek üçin uly işler ýerine ýetirildi, emma milli bilim ulgamynda heniz hem ýetmezçilikler bar. Ony kämilleşdirmek ýollary saýlawdan öňki maksatnamada we geçen ýylyň awgust aýynda geçirilen maslahatda beýan edildi.
“Mugallymyň derejesi” hakynda Kanunyň kabul edilmegi bu ugurdaky peýdaly başlangyçlaryň biri we bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäre boldy. Umuman, mugallymyň her bir jemgyýetde aýratyn ähmiýeti bar. Mugallymlar sowatly we bilimli ýaş nesli terbiýelemekde esasy orny eýeleýärler. Biz mugallymy sylamaga we hormatlamaga borçludyrys. Şunuň üçin döwlet mugallymçylyk käriniň abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda işlemeli, mugallymlaryň üstünlikli zähmet çekmegi üçin zerur şertleri döretmeli.
Abaý daşary ýurt dillerini öwrenmek oňaýly işleriň biri bolýandygyny aýratyn belläpdi. Şahyr “Nesihat sözleri” atly kitabynyň 25-nji sözünde daşary ýurt dillerini bilmek adama näme berýändigi barada şeýle ýazdy: “Beýleki halklaryň dilini we medeniýetini öwrenip, adam olar bilen deň bolýar, gereksiz haýyşlar bilen mertebesini asla peseltmeýär”. Başgaça aýdylanda, has ýokary derejede ösen halklar bilen deň bolmak üçin olaryň dillerini öwrenmek örän möhümdir.
Şol bir wagtda, täze taryhy ýagdaýlarda biziň hemmämiz ene dilimizi ösdürmek we onuň ähmiýetini artdyrmak meselesine hökman üns bermeli. Iňlis dilini öwrenmek goşmaça ileri tutulýan wezipe bolmagyna galýar. Ýaşlar näçe köp dil öwrendigiçe, olaryň mümkinçilikleri şonça-da giňär. Şunuň bilen birlikde ene diliňi bilmäge uly üns bermeli. Abaýyň aýdyşyna görä, ýaş nesil dürli ylymlardan doly baş çykarsa, ene diline hormat goýsa we köp daşary ýurt dillerini bilse, bu, şübhesiz, biziň halkymyz üçin bähbitli bolar.
Dünýä her gün däl, her sagatda üýtgäp dur. Hemme ugurlarda täze düşünjeler we mümkinçilikler ýüze çykýar. Täze ylmy bilimler adamzadyň ösüşine gönükdirilýär. Diňe bilimler öňe gidişlige ýol berýän wagty geldi. Döwürden yza galmazlyk üçin biziň aňymyz aýdyň we açyk bolmaly. Bu ädim häzirki zaman siwilizasiýasynyň iň oňat gazananlaryny biziň milli maksatlarymyz bilen utgaşdyrmak ukybyny talap edýär. Şunuň ýaly wagtda biz köne, döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýän adatlarymyzy we endiklerimizi hereketden aýyrmaly.
Hut şonuň üçin hem, Abaý hemişe, adamlaryň käbir hereketlerine tankydy garamak bilen, şeýle diýipdi: “Çuňňur pikir etmäge, düýpli bilim almaga çalyşmaýarlar, diňe ýalan sözleýärler we her hili gürrüň ýaýradýarlar”.
Şahyr adamlary sungatyň dürli görnüşlerini öwrenmäge çagyrýardy. Döwrüň talaby şeýle bolandygyna ol aýdyň düşünýärdi we bu barada öz halkyna hemişe aýdyp gelipdi. Biz şu gün gürrüň edýän ukyply milleti kemala getirmek barada pikir başyny Abaýdan alyp gaýdýar diýip bileris. Beýik akyldaryň her bir sözi halkynyň ösüşine we kämilleşmegine gönükdirilendir.
Şol sebäpli, biziň üçin Abaýyň döredijiligini düýpli öwrenmeklige aýratyn üns bermek möhümdir. Abaýa düşünmek – özümizi tanamagy aňladýar. Adamyň özüni tanamaklygy we özüni yzygiderli ösdürmegi, bilim almaga we ylymlary öwrenmäge çalyşmagy kämilleşdiriş derejesini, şeýle hem “ukyply millet” düşünjäniň manysyny görkezýär. Abaýyň sözleri onuň nesilleri üçin ugur görkeziji ýyldyz bolmaly.
Abaý her bir gazak çagany watany söýüji edip terbiýelemeklige çagyrýardy. Onuň mirasy – hakyky watançylygyň mekdebi, öz halkyňy hormatlamagyň esasy. Şonuň üçin, biziň raýatlarymyz bilimli bolmagyny gazanjak bolsak, Abaýyň eserlerini gaýtadan okamak, onuň goşgularynyň manysyna düşünmek gerek.
Biz öz ýurdumyzy edil Abaý ýaly söýmäni öwrenmeli. Beýik şahyr öz halkynyň ýetmezçiliklerini berk tankyt etse-de, onuň diňe bir pikiri bardy – gazaklary, öz halkyny öňdebaryjy orunlara çykarmak pikiri bardy.
Abaýyň baý mirasy gazak milletiniň täze häsiýetlerini kemala getirmeklige hyzmat edýär. Onuň işlerindäki pikirler her bir adamda onuň halkynyň, ýurdunyň öňünde watany söýüjilik duýgularyny döredýär.
Şol sebäpli, paýhasly Abaýyň öwütlerini ýaşlaryň durmuş ýörelgelerine öwürmek üçin ýaş nesil tarapyndan onuň mirasyny öwrenmek ýurdy ösdürmeiň we döwrebaplaşdyrmagyň ugurlarynyň biri bolýar.
Berk döwletliligiň tarapdary
Özbaşdak ýurt hökmünde gülläp ösmek üçin biz döwletliligimizi berkitmelidiris.
Kanunyň agdyklygyny we jemgyýetçilik tertip-düzgüni gorap saklamak ählumumy borçdugyna düşünmek gerek. Halk hökümete hormat goýmaýan bolsa, onda döwletde hemme zat oňaýly däldir. Şunuň bilen birlikde, raýatlara, aýratyn-da ýaşlara, döwletlilige hormatly garaýyşyň manysyny we mazmunyny düşündirmek zerurdyr. Munuň üçin ýene-de Abaýyň mirasyna ýüzlenmeli.
Beýik şahyryň eserlerinde ýurduň kuwwatyny, döwleti we milli agzybirligi berkitmek barada aýdylýar. Ol adalatly jemgyýeti döretmek barada pikiri öňe sürýärdi. Abaýyň bu garaýyşlary gazak jemgyýeti, onuň agzybirligi we abadançylygy üçin XXI asyrda has gymmatly bolup durýar. Paýhasly Abaýyň wesýetleri ösen döwletiň ýörelgelerine laýyk gelýär. Adalatlylyk diňe kanunyň agdyklygy, hökümetiň açyklygy we halkyň öňünde hasabatlylyk ýokary derejede bolanda, raýat jemgyýetiniň wekilleri bolsa döwletiň işlerine işjeň gatnaşan ýagdaýynda berk pugtalandyrylar.
Meniň “Halkyň sesine gulak asýan döwlet” diýlip atlandyran baş ýörelgäm adalatly jemgyýet barada pikiri ösdürmek üçin hödürlendi. Döwlet bilen jemgyýetiň arasynda döredijilikli gepleşik döwlete bolan ynamy berkidýär. Hökümet agzalary, şol sanda ministrler we häkimler, döwlet we durmuş ähmiýetli meseleler boýunça çözgütler kabul edilende raýatlaryň tekliplerini we isleglerini nazara almalydyr. Men bu beýik Abaýyň agzap geçen adalatly jemgyýeti kemala getirmegiň ýeke-täk mümkin bolan şerti diýip pikir edýärin.
Beýik şahyr “durnukly häkimiýetiň ýoklugynda ýurtda myş-myşlar höküm sürýär” diýip bellemegi tötänden däl. Şunuň ýaly ýagdaýda halk dolandyryjy edaralardan nägiledigi aýdyň bolýar.
Abaý “Her hili gürrüň ýaýratmakdan başga hiç zat başarmaýarlar” diýip häsiýetlendiren adamlara sebäp bermezlik üçin hökümet halkyň pikirlerine hemişe üns bermeli. Hökümet agzalary bilen jemgyýetler kynçylyk döredýän meseleler boýunça bilelikde maslahatlaşyp kararlary kabul etmekleri üçin ýurtda jemgyýetçilik ynamy baradaky Milli geňeş döredildi. Men onuň işini üns merkezinde saklaýaryn, onuň işiniň diňe göz üçin guralmagyna ýol bermezlik üçin geňeşiň agzalary bilen duşuşýaryn.
Abaý işlerinde meritokratiýa meselesine uly ähmiýet berýärdi. Ol adama onuň ornuna ýa-da wezipesine däl-de, gowy taraplaryna we hyzmatlaryna görä baha berýärdi. Bu babatda beýik şahyr gazak ýaşlary üçin gogry ýoly saýlamakda görelde boldy.
Häzirki wagtda Gazagystanda syýasaty döwrebaplaşdyrmak ýagdaýy dowam etdirilýär. Milli lideriň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň netijesinde döwlet edaralaryna dolandyryjylaryň täze nesli gelýär. Muňa garamazdan, ýurda köplenç düýpli syýasy özgertmeleriň zerurlygy nygtalýar. Emma bu işe örän jogapkärçilikli, ählihalk razylygynyň esasynda, döwletiň mümkinçiliklerini we jemgyýetiň dolandyryjylyk ukybyny nazara alyp çemeleşmeli. Populistik (ýönekeý tankydy) düşünjelere esaslanyp, tiz syýasy özgertmeler babatynda galmagal turuzýanlar bolsa öz ýurdunyň geljegi barada pikir etmeýärler.
Populizm oňaýsyz meýil hökmünde bütindünýä häsiýete eýe boldy. Aýdyň ýörelgeleri bolmazdan boş şygarlary ulanyp häkimiýete ýetjek bolýanlaryň sesleri köplenç bütin dünýäde ýaňlanýar. Abaý bular ýaly populistler we ýaňra adamlar barada şeýle diýdi: “Boş gürrüňleri bilen tolgundyryp, gülkünç ýagdaýda goýup giderler”. Bu, sübhesiz, haýsy-da bolsa bir ýurduň ösüşine zyýan ýetirýän we milletiň agzybirligini gowşadýan howply meýil bolup durýar.
Abaýyň aýdyşyna görä, bize artykmaç öwünjeňligiň, ulumsylygyň we dawalaryň geregi ýok. Biz dünýäde we ýurtda ýagdaýy üns bilen we düýpli seljerip, öňe gitmeli. Ýurduň içinde agzybirlik we jebislik biziň üçin durnuklylygyň we ösüşiň esasyny düzýändigine düşünmek zerurdyr. Ýurdumyzyň geljekki bähbitlerine gönükdirilen biziň köp ýyllyk ýokary depginli zähmetimiziň netijelerini ýitirmän saklamak üçin gyşarnyksyz güýçlenýän ösüş syýasatyny durmuşa geçirmeli.
Biz diňe şunuň ýaly syýasaty alyp barmak arkaly öz ähli möhüm maksatlarymyza ýetip we Gazagystany ösen döwletleriň hataryna goşup bileris.
Jemgyýetiň täzelenmeginiň buşlukçysy, esaslandyryjysy
Täze Gazagystanyň düýbi täze jemgyýet tarapyndan tutuljakdygy aýdyň bolsa gerek. Bu biziň ünsümiziň, ilki bilen, halkymyzyň hil häsiýetlerini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga jemlenmelidigini aňladýar. Şeýle-de jemgyýetiň ösüşine päsgel berýän we agzalalyk bilen birahatlyk döredýän oňaýsyz häsiýetleri ýok etmek gerek.
Häzirki wagtda bütin dünýäde aňly adamlaryň birnäçesi adaty kapitalizmiň çökgünligi barada aýdyp, onuň geljegine müňkürlik bilen garaýarlar. Olar dünýäde baýlar bilen garyplaryň, bilimliler bilen bilimsizleriň, şäherliler bilen obalylaryň arasynda tapawudyň ulalýandygyny belleýärler. Bu deň gelmezlik çalt depginlerde ýokarlanýar. Işewürler diňe girdeji almak barada pikir edýärler, intelligensiýa çetleşýär, her kim diňe özüne jogap berýär. Şäherler çalt ösýär, kiçiräk obalar bolsa dagaýar. Alymlar tarapyndan bularyň ählisi jemgyýetçilik jogapkärçiligiň gowşamagy bilen baglanyşdyrylýar.
Jemgyýetçilik jogapkärçiligi gaýdyp gelermikä? Elbetde, bu örän çylşyrymly mesele. Munuň çözgüdini Abaýyň “Kämil, hemme tarapdan ösen adam” baradaky pikirinden tapyp bolar. “Kämil, bütewi adam” düşünjesi iňlis dilindäki “A man of integrity” aňlatma gabat gelýär. Bu diňe özüne ynamly, rehimlilik, ýagşy maksatlar ugrunda çalyşýan adamlary häsiýetlendirýär. Bu häzirki wagtda giňden ýaýran baş ýörelgäni Abaý eýýäm XIX asyrda döredip öňe sürdi.
Adamyň bütin ömri dürli aragatnaşyklary saklamak bilen geçýär. Olar bolmadyk ýagdaýynda, şahs jemgyýetden çetleşerdi. Elbetde, aragatnaşyk özara jogapkärçiligi talap edýär. Bu jogapkärçilik diňe özüňi bilmek (egoizm) ýüze çykanda bozulýar. Şonuň üçin hem, Abaý, adamda sagdyn akyl, berk we güýçli erk, rehimli we mähirli ýürek bolmalydygyny nazarda tutup, şeýle diýdi: “Özüňde akyly, erki we ýüregi jemläniňden soň, sen kämil, özbaşdak adam bolarsyň”. Ol şu üç düşünjä hemişelik birlikde garaýar, emma olaryň ilki başdaky ikisi ýürege garaşly bolmaly diýip hasap edýär. Bu gazak halkynyň durmuş pelsepesi bolup durýar.
Hut şunuň ýaly ýörelgelerden ugur alyp, biziň halkymyz iň kyn ýyllarda-da beýleki milletleriň wekilleri bilen hemişe hoşniýetli gatnaşyklary saklaýardy. Olar iýmäge zat tapmasa-da, bir döwüm çöregi paýlaşmagy öz borjy diýip hasaplaýardylar. Olar hemişe ululara hormat goýýardy, kiçileri sylaýardy, kyn ýagdaýa düşenlere kömek edýärdi we goldaýardy. Şu gymmatlyklara eýerip we olary täze nesillere geçirip, biziň ata-babalarymyz öz milliligini ýitirmän saklamak üçin ähli tagallalaryny etdiler.
Biz Abaýyň “Kämil adam” barada baş ýörelgesine hemişe gaýtadan salgylanmaly. Biziň alymlarymyz bu ugurda täze ylmy-barlag işlerini geçirmeli. Men “Bütewi adam” diýen baş ýörelge, aslyýetinde, biziň durmuşymyzyň hemme ugurlarynyň, döwleti dolandyrmagyň, bilimiň, iş we maşgala gatnaşyklarynyň berk binýadyny düzmeli diýip hasaplaýaryn.
Abaýyň döredijiliginde köp duş gelýän mazmunlaryň biri – ýaltalyga, iş etmezlige garşy göreşmek. Şahyr hemişe wagty bihuda geçirmegi, işýakmazlygy tankytlap, durmuşda işjeň bolmaklyga, ussatlygy yzyiderli zähmet bilen kämilleşdirmeklige çagyrýardy. Ýaltalyga garşy göreşmek bilen, ol psiholigiki jähtleriň jümmüşine gidip, işjeň durmuş ýörelgesi arkaly ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip bolýandygy düşündirýärdi. Diýmek, ol eýýäm şol döwürde “duýguly aňlaýyş” ýaly häzirki zaman we isleg bildirilýän düşünjäniň görnüşlerini ulanypdy. Ol öwünjeňlik we iş etmezlik psihologiýasyndan daşlaşmagy, adam üçin hünär derejesini yhlasly ýokarlandyrmagyň, täze bilimleri almagyň peýdalydygyny wagyz edýärdi.
Biziň hemmämiz Abaýyň goşgularyndan şeýle setirleri gowy bilýäris: “Yhlasly zähmet çekseň, dok bolarsyň”, “Dokluk we iş etmezlik adamy azdyrýar”, “Özüňe ynan, seniň zähmetiň we akylyň seni halas eder”. Her bir adam şu esasy düşünjeleri berk özleşdirmeli we töweregindäkiler üçin päk ýürekden çekýän zähmeti bilen görelde bolmaly.
Biziň halkymyz zähmetiň ähmiýetine düşünýär. Biziň ýaşuly neslimiz uzak tylda ýadawsyz işlemek bilen, Ýeňşe öz goşandyny goşandygy biziň ýadymyzda. Biz şu gün hem ýurduň zähmetkeşleriniň gazanýan uly üstünliklerini görýäris. Ýakynda olaryň käbiri ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Häzirki parahatçylykly wagtda her bir raýat onuň mynasyp zähmetiniň ýurduň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine göni täsir edýändigine düşünmeli diýip aýratyn bellemek gerek.
Abaý diňe bir özüniň işe bolan ýokary ukyplylygy bilen görelde görkezmek bilen çäklenmedi. Beýik akyldar eserlerinde öz zähmetiniň, hojalygy alyp barmak başarnygynyň netijesinde eşretli durmuşy gazanan adamlar barada gürrüň berip, adamlary durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin täze kärleri we hünärleri öwrenmeklige çagyrýar. Şahyr başarjaňlyga we halal zähmete uly ähmiýet berýärdi. Mysal üçin, ol kitabynyň onunjy sözünde şeýle netije çykardy: “Yhlas bilen işläp, durmuşda öz ýerini gözläp tapan bolsa, kim baýamaz?”
Abaýyň pikirine görä, bollukda ýaşamak üçin bir kär öwrenmeli, sebäbi “baýlyk wagtyň geçmegi bilen gutarýar, ukyp bolsa galýar” (otuz üçünji söz). Men beýik şahyryň pikirleri gazak jemgyýeti üçin häzirki wagtda hem wajyp diýip pikir edýärin. Şonuň üçin biz şu gün çig mal baýlyklaryna baglylyk psihologiýasyny ret edip, kiçi we orta telekeçiligiň aňrybaş derejede ösdürilmegini esasy ileri tutulýan wezipe edip kesgitlemegiň zerurlygyny belleýäris.
Dünýä medeniýetinde belli şahsyýet
Hakykatda, häzirki zaman medeni taýdan ösen döwletleriň her biri diýen ýaly onuň taryhy, bütin dünýä meşhur şahsyýetleri bilen tanalyp bilner. Olaryň hatarynda syýasatçylar, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, goşunbaşylar, şahyrlar we ýazyjylar, sungat we medeniýet işgärleri bolup biler. Gazak halkynyň hem görnükli şahsyýetleri az däl. Olaryň arasynda Abaý aýratyn orny eýeleýär. Şeýle-de bolsa, bizde entek biziň beýik akyldarymyzy mynasyp derejede dünýä tanatmaga mümkinçilik bolmady.
Köp ýyllyk diplomatik gullugymyň dowamynda men dürli ýurtlaryň syýasatçylary we bilermenleri bilen köp gezek duşuşyp, olar bilen birtopar umumy adamzat meselelerini ara alyp maslahatlaşdym. Olar umuman Gazagystanyň syýasy we ykdysady üstünlikleri barada gowy habarly, emma olarda biziň ruhy we medeni baýlyklarymyz barada ýeterlik maglumatlar ýok. Bu ýerde sorag ýüze çykýar: “Biz gazak halkynyň medeniýetini we durmuşyny Abaýyň üsti bilen açyp görkezäýsek bolmazmy?”
Abaý – gazak topragynyň dünýä derejeli zehinli alymydyr. Ol ähli adamzat üçin paýhas çeşmesini döretdi. Abaýyň şygyrýetini düýpli öwrenen biziň ylmy işgärlerimiziň pikirlerine görä, onuň güýji we gözbaşy gazak halkynyň döredijiligi, Gündogaryň we Günbataryň sözleýiş sungaty, rus edebiýaty we adamzat taryhy barada eserleri öwrenmek bilen aýrylmaz arabaglanyşykdan gelip çykýar.
Abaýyň çuňňur pikirleri onuň dini düşünjeleri hemmetaraplaýyn öwrenendigini görkezýär: “Alla hakykat, söz hakykat, hakykat hiç haçan ýalan bolmaýar”. Ol pikiriň şunuň ýaly netijelerine Gündogaryň we Günbataryň filosoflarynyň işlerini okamagyň, öwrenmegiň we düşünmegiň netijesinde gelen bolmaly. Ol Hudaýa garaýyşyny otuz sekizinji sözünde beýan edýär.
Abaýyň dini garaýyşlaryny öwrenen dini filosoflar onuň “Dindar musulman” düşünjesine aýratyn üns berýärler. “Dindar musulman” düşünjesi diňe gazaklara däl-de, ähli musulman dünýäsine degişli bolmagy ähtimal. Şeýlelikde, biziň paýhasly akyldarymyz Abaýyň din barada pikirleri onuň şahsyýetini dünýä derejesinde tanatdyrmakda ulanylyp bilner. Bilşimiz ýaly, biz paýtagtymyzda dünýä we adaty dinleriň liderleriniň gurultaýlaryny yzygiderli geçirýäris. Şunuň ýaly duşuşyklardan mümkin boldugyça köpräk adamlary Abaýyň Ýer ýüzünde ähli adamlaryň ruhy päkligini saklamak barada arzuwy bilen tanyşdyrmak üçin beýik Abaýyň pikirlerini öňe sürmekde peýdalanmak zerurdyr.
Bilşimiz ýaly, M.Auezowyň “Abaýyň ýoly” atly romanyndaky Abaýyň çeper keşbine dünýä edebiýaty tarapyndan ýokary baha berildi. Emma bu Abaý bilen tanyşdyryşyň diňe bir tarapy. Hakyky Abaýy, şahyr Abaýy tanamak üçin onuň goşgularynda we kyssa eserlerinde beýan edilen pikirleriň manysyny açyp görkezmek zerur bolýar. Abaýyň eserleri, onuň pikirleriniň bütin çuňlugyny ýitirmezden, dünýäniň esasy dillerine terjime edilmeli. Biz şu wagta çenli muny doly derejede etmegi başarmadyk. Hakyky milli şahyrlaryň eserlerini beýleki dillere terjime etmek aňsat däldir. Terjimeçiniň akyldaryňky ýaly zehini bolmaly. Biziň Abaýyň döredijiligini öwrenýän alymlarymyz, dil biliminden hünärmenlerimiz we ýurdumyzyň bu işe gyzyklanma bildirýän raýatlarymyz şu meselä aýratyn üns bermeli.
Milli liderimiz Nursultan Abişewiç Nazarbaýew şeýle diýip nygtady: “Abaý – diňe gazak halkynyň ruhy baýlyklarynyň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan beýik alym däl-de, ol şeýle-de gazak halky öz döwletini döretmegi üçin ençeme hyzmatlary eden paýhasly adamdyr. Abaý – dünýä derejeli akyldarlaryň arasynda haýran galdyrýan şahsyýetleriň biri”.
Hakykatda, paýhasly şahyryň eserleri diňe gazaklaryň däl-de, ähli adamzadyň ruhy durmuşyny baýlaşdyryp biler. Olarda umumy adamzat gymmatlyklary barada gaýtadan gürrüň berilýär. Onuň “Nesihat sözleri” dünýä halklarynyň umumy mirasy bolup durýar. Bu kitap adaty pikirleriň ýygyndysyny jemleýär. Nesihatlar, dana sözler, öwütler – bir aýratyn žanryň üýtgeşik atlary.
Abaý “Nesihat sözlerinde”, ähli adamzadyň umumy mirasyny şöhratlandyryp, öz döwründen ep-esli öňe gidip, görlüp-eşidilmedik ruhy belentlige galdy. Onuň “Nesihat sözleriniň” esasynda – adamkärçilik, medeniýet we rehimlilik. Biz Hakimiň sözleriniň taýyny gözlämizde kellä fransuz akyldary Monteniň essesi gelýär. Ýöne Monten esasan öz şahsyýeti we adamyň häsiýeti barada pikir eden bolsa, Abaýyň “Nesihat sözleriniň” baş maksady – beýleki adamlary pikir etdirmekden, ýetmeli maksatlaryny kesgitletmekden ybarat. Beýik akyldaryň “Nesihat sözleri” – örän gymmatly edebiýat işidir.
Biz Abaýyň şöhratyny dünýä medeniýetinde näçe köp artdyryp bildigimizçe, şonça-da biziň ýurdumyzyň abraýy ýokary bolar. Häzirki globallaşma we maglumat tehnologiýalary döwründe Abaýyň sözi Ýer ýüzünde ähli adamlary oýlandyrmaly.
Dünýäde ylmyň we bilimiň dürli ugurlarynyň ösdürilmegine goşant goşan we umumy adamzat akyldarlary hökmünde ykrar edilen şahsyýetleriň sany ýeterlik. Mysal üçin, “Hytaý” diýilende Lao-Tszy we Konfusiý, “Russiýa” diýilende Dostoýewskiý we Tolstoý, “Fransiýa” diýilende Wolter we Russo göz öňüne getirilýär. Biz hem Gazagystan barada aýdylanda Abaý ýada düşýän derejä ýetmelidiris. Daşary ýurtlylar bizi görende “Gazak halky – Abaýyň halky” diýse, bu uly hormat bolardy.
Abaýyň hyzmatlaryna aşa baha bermek mümkin däl. Onuň öwrenerli durmuşy we hakyky döredijiligi diňe gazak halky däl-de, bütin dünýä üçin görelde bolýar. Abaýyň adam we jemgyýet, bilim we ylym, din we däp-dessurlar, tebigat we daşky gurşaw, döwlet we hökümet, dil we aragatnaşyk barada pikirleriniň wajyplygy asyrlar boýy ýitmän saklanýar, sebäbi şahyryň goýup giden mirasy ähli adamzat üçin ruhy çeşme bolup hyzmat edýär.
Abaýyň ady gazak halkynyň hemişe ýadynda bolar. Biz onuň gymmatly sözlerini ruhy hazyna ýaly belentde saklasak, biziň watanymyzyň abraýy dünýäde gürrüňsiz ýokarlanar.
Biz ilki bilen Abaýy biziň milli gymmatlygymyz ýaly tanatmaly. Daşary ýurtlarda gazak halkynyň aýratynlygy, medeniýeti, edebiýaty we aň-paýhasy biziň görnükli şahsyýetlerimiziň dünýäde meşhurlyk we tanymallyk derejesine baglylykda kesgitlenjekdigini ýatda saklamak gerek. Şonuň üçin, Abaýy dünýä jemgyýetçiligine täze Gazagystanyň nyşany (brendi) hökmünde tanatmak häzirki nesliň mukaddes borjy bolýar.
Ýubileý dabaralaryň görnüşi
Milli düşünjäni täzelemegi islesek we bäsdeşlige ukyply milleti kemala getirjek bolsak, biz Abaýyň eserlerini üns bilen okamaly. Onuň dürli jemgyýetçilik ýagdaýlara garaýyşy häzirki zaman Gazagystan üçin örän peýdalydyr. Abaý diňe öz döwrüniň däl-de, häzirki zaman jemgyýetiniň keşbi hökmünde milletiň mukaddes ruhy binýadyny düzýär.
Her bir gazagyň dombra üçin aýratyn ýeri bardygyny biz gowy bilýäris. Abaýyň kitaby we Muhtar Auezowyň “Abaýyň ýoly” atly romany hem her bir maşgalada bolmaly diýip hasap edýärin.
Geljekki nesil Abaýyň ýagty ýoly bilen gitmeli. Bu beýik şahyryň arzuw eden zady. Şu maksat bilen, biz Abaýyň wesýetlerine eýermek üçin, onuň mirasyny we durmuşyny öwrenmelidiris.
Şu ýyl Abaýyň doglan gününiň 175 ýyllygyna bagyşlanan 500 respublika we sebit ähmiýetli dabaralar guralar. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda awgust aýynda Semeý şäherinde geçiriljek ”Abaýyň mirasy we dünýä aň-paýhasy” atly Halkara ylmy-amaly maslahaty baş waka bolar. Şeýle-de, oktýabr aýynda Nur-Sultan şäherinde “Abaý we ruhy galkynyş meseleleri” mazmunly Halkara maslahaty geçiriler. Şol duşuşyklar Abaýyň şahsyýetini we mirasyny hemme tarapdan öwrenmäge, onuň döredijiligini XXI asyryň täze Gazagystanyň bähbitleri üçin ulanmagyň ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer.
Beýik şahyryň eserleriniň 10 dilde terjime edilip çap edilmegi möhüm taslamalaryň biri bolýar. Hususan-da, Abaýyň işleri iňlis, arap, ýapon, ispan, italýan, hytaý, nemes, rus, türk we fransuz dillerine terjime ediler. Şahyryň ýaşaýyşy, mirasy, gazak medeniýetiniň ösüşindäki orny barada birnäçe dokumental filmler we “Abaý” köp seriýaly telewizion çeper filmi surata düşüriler.
Şahyryň doglan gününi bellemegiň çäklerinde medeni baýramçylyk dabaralary guralar. Şu ýyl Abaýyň döredijiligine bagyşlanan halkara we ýurt derejelerinde ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabaralary bilen teatr we saz festiwallary geçiriler. Iň gowy edebiýat we sungat eserleri üçin döwlet baýragy Abaý adyndaky döwlet baýragy diýlip täzeden atlandyrylar. Abaýyň adyny we mirasyny daşary ýurtlarda şöhratlandyrmak işi dowam etdiriler. Gazagystanyň Russiýadaky, Fransiýadaky, Beýik Britaniýadaky we beýleki ýurtlardaky ilçihanalarynyň ýanynda “Abaýyň merkezleriniň” döredilmegi meýilleşdirilýär.
Bu medeni dabaralaryň hemmesini tygşytlylyk bilen, artykmaç harç etmän geçirmeli diýip belläsim gelýär.
Gündogar-Gazagystan welaýatynyň Akşoky obasyndaky Uskenbaý ogly Kunanbaýyň öwlüýäsi abadanlaşdyrylar. Hökümet şeýle-de Abaýyň şahsyýetini mundan beýläk-de ebedileşdirmeklige gönükdirilen birnäçe çäreleri görmeli diýip hasap edýärin. Semeý gazaklaryň taryhynda iň mukaddes ýerleriň biri bolandygy sebäpli ýurduň ruhy taýdan ösüşinde aýratyn orny eýeleýän Semeý şäherine taryhy merkez derejesini bermek gerek. Beýik Abaýyň, Şakarim Kudaberdiýewiň we Muhtar Auezowyň doglan ýeri aýratyn hormat goýmaklyga mynasyp. Şunuň bilen baglylykda şäheriň durmuş-ykdysady ulgamyny ösdürmek we onuň taryhy-medeni desgalaryny täze talaplara laýyklykda döwrebaplaşdyrmak zerurdyr. Men hökümete degişli çäreleri görmegi tabşyrýaryn.
Abaýyň doglan güni bellenilýän ýylynda onuň kümmetini abadanlaşdyrmak we beýik şahyry ýatlamak üçin bu hemmelere belli bolan Židebaý mukaddes ýere zyýarat etmegi isleýän jemgyýetçilik üçin oňaýly şertleri döretmek zerurdyr. Şeýle-de, Abaýyň “Židebaý-Borili” döwlet taryhy-medeni we edebi-ýadygärlik goraghana-muzeýine aýratyn üns berip, ony ylmy-magaryf işiniň merkezine öwürmeli. Židebaýda “Abaýyň mirasy” atly täze degişli binasyny gurmaly.
Muhtar Auezow we Žusipbek Aýmauytow tarapyndan 1918-nji ýylda Semipalatinsk şäherinde esaslandyrylan we 1992-nji ýylda täzeden çap edilip başlanan “Abaý” žurnalyna döwlet goldawy berilmeli.
Beýik Abaýyň hormatyna şunuň ýaly we beýleki giň gerimli dabaralar geçiriler. Olar giň jemgyýetçilige onuň baý mirasynyň beýikligini açyp görkezmeli. Men ähli gazagystanlylary bu asylly başlangyja işjeň gatnaşmaklyga çagyrýaryn.
***
Biz Abaýyň doglan gününiň 175 ýyllygyna jemgyýetçilik düşünjesiniň täzelenmegine gönükdirilen, biziň bitewi ýurt we millet hökmünde ösüşimize kuwwatly itergi berjek dabara ýaly uly ähmiýet berýäris.
Men bu baýramçylygyň baş maksady biz, gazagystanlylar, milletiň Mugallymyna özümiz barada hasabat bermegimizden ybarat diýip pikir edýärin. Abaýa jogap berip bilmek döredijilikli we netijeli zähmet çekmegi talap edýän möhüm synagdyr.
Milli lideriň başyny başlan we ýurduň ilaty tarapyndan goldanan maksatnamany durmuşa geçirip, biz uly üstünlikleri gazandyk, bellenen möhletinden öň elli sany iň ösen ýurtlaryň hataryna goşuldyk. Indi biz ilkinji otuzyň hataryna goşulmagy maksat edinýäris. Biziň täze belentliklere tarap gidişimizde bize Abaýyň mirasy kömek eder. Esasy zat, biz bu Abaýyň kömegine düşünip, ondan iş ýüzünde peýdalanyp bilerismi?
Bu beýik baýramçylyk biziň milletimiziň öňünde duran strategik meseleleri çözmek ýollaryny tapmaklyga höwes döretmeli. Baýramçylygyň öňüsyrasynda biziň döwletimiziň her bir raýat şeýle meseleler barada oýlanmaly diýip pikir edýärin: Abaý bize nämäni wesýet etdi? Abaý bizden nämä garaşdy? Abaýy onuň halkynyň haýsy işleri şatlandyrdy? Bize şol işler sapak boldumy? Gazaklaryň haýsy hereketleri Abaýy gynandyrdy? Biz olary düzetmegi başardykmy?
Bu ýerde esasy bellemeli zat, şahyryň pikiri barada oýlansak, onuň düýbine ýetsek, şeýle hem onuň aýdan bäş dogry hereketlerini edip, bäs ýaramaz endiklerden azat bolandymyza düşünsek, biz uly üstünlikleri gazanarys.
Abaýyň mirasy biziň halkymyzyň ösüşine we ony millet hökmünde jebisleşdirmeklige ýol açýan mukaddes gymmatlykdyr.
Umuman, biz Abaýyň durmuşyň her bir ugruna degişli maslahatlaryna eýersek, biz has kuwwatly bolup, häzirki zaman jemgyýet we döwlet hökmünde maksatlarymyza ýeteris.
Abaýyň arzuwy – halkyň arzuwydyr. Bu arzuwa ýetip, şahyryň wesýetini ýerine ýetirmek üçin biz güýjümizi gaýgyrman zähmet çekmeli. Abaýyň peýdaly öwütleri täze Gazagystany XXI asyrda täze belentliklere alyp barar. /// nCa, 22 February 2020