Gazagystanda korrupsiýa garşy göreş halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönükdirilen döwlet syýasatynyň iň wajyp strategiki taýdan ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edildi.
Korrupsiýany köki-damary bilen barlyşyksyz ýok etmegiň halkara jemgyýetçiliginiň, döwlet edaralarynyň, işewürligiň, döwlete dahylsyz taraplaryň we ýönekeý işjeň raýatlaryň tagallalaryny birleşdirmezden mümkin däldigine düşünilmelidir. Şu hasapdan, Gazagyztanyň birinji Prezidenti N.Nazarbaýewiň teklibi bilen korrupsiýa garşy täze strategiýa emele getirildi. Korrupsiýa garşy göreşmegiň umumy ykrar edilen halkara ýörelgeleriniň we standartlarynyň milli tejribä ornaşdyrylmagynyň esasy şerti BMG-niň we Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) hödürnamalaryny ýerine ýetirmekden ybaratdyr.
Eger-de agram merkezi güýç ulanyş tarapyna süýşýän bolsa, korrupsiýanyň az möçberde we wagtlaýyn peselýändigini, tersine onuň gizlin bolup galmagynyň we kämillik derejesiniň bolsa ýokarlanýandygyny derňewler görkezýärler. Şu nukdaý nazardan Hytaýy mysal getirip bolar, ol ýerde korrupsiýa üçin ölüm jezasynyň ulanylýandygyna we döwlet işgärleriniň on müňden gowragynyň atylandygyna garamazdan, ýagdaý düýpgöter üýtgewsizligine galýar. Şol sebäpden hem ösen Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň üstünlikli strategiýalarynda öňüni almak işleriniň, aň-bilim bermegiň, şeýle hem jenaýat aňtaw işleriniň usully sazlaşygyna esaslanýarlar.
Bu gün korrupsiýa garşy göreşmek çygryndaky çemeleşmeler, bu işleriň adaty algoritmleri we tutuş ideologiýalar üýtgeýär. Kazagystanyň ähli teklipleri döwlet üçin takyk kesgitlän gymmatlyklaryň prizmasynyň üsti bilen durmuşa geçirilýär. Olar: adalatlylyk, paýhas we ynam.
Birnäçe aspektleriň arasynda ynam – raýatlaryň korrupsiýa bolan gatnaşygynyň esasy özgerişi hökmünde tapawutlandyryp bolar. Işleriň berýän netijelerini aşakdaky faktlara seredip baha berip bolar:
Şu ýyl, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň edarasynyň goldawynyň esasynda, “Transparency Kazakhstan” tarapyndan geçirilen, “Gazagystanda korrupsiýanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek” atly ylmy-barlagynyň maglumatlaryna görä, durmuş sowal-jogap çäresine gatnaşan respondentleriň ýarysyndan gowragy, has takygy 54,4% göterimi Gazagystanda korrupsiýanyň derejesiniň peselýändigini belläp geçdiler. Sorag-jogap alşylan telekeçileriň 76% göterimi Gazagystanda, para bermezden we hukuk meýdançasynda işlemek bilen, öz işewürligiňi ösdürmekligiň bütinleý mümkindigini hasap edýärler.
Korrupsiýany köki-damary bilen ýok etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmekde çykyş etmäge özleriniň taýýardyklaryny yglan edýän raýatlaryň sany artýar. Özi-de, diňe dilde däl. Korrupsiýa garşy göreşmek gullugyna korrupsiýa faktlary baradaky telefon jaňlaryň sany artýar. Muňa mysal hökmünde, geçen ýyl Agentligiň aragatnaşyk merkeziniň 1424 telefon belgisine 1000 töweregi adam ýüz tutdy, bu san 2018-nji ýyldakydan 3 esse köpdür. Eger-de 2018-nji ýylda şeýle habarlar boýunça 32 sany kazyýet seljermeleri başlanan bolsa, onda diňe 2019-njy ýylyň dowamynda, jenaýat işleriniň sany 66-a ýetdi. Bu döwletiň korrupsiýa garşy göreş syýasatyna bolan ynam derejesiniň ýokarlanmagynyň wajyp görkezijisidir.
Ýewropa ýurtlaryna korrupsiýanyň ýüze çykmagynyň iň az möçberlerine getirmek üçin ýüz ýyl gerek boldy, ýöne ondan doly dynmak häzire çenli hiç kime başardanok. Ýewropaly bilermenleriň birnäçesi alnyp barylýan çärelere garamazdan, Ýewropa Bileleşiginde korrupsiýa göz öňüne getirileninden has giň we çuň ýaýrandygyny belläp geçýärler. Para bermek, gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanmak we emlägiň bikanun harçlanmagy boýunça her ýyl müňlerçe ýagdaýlar derňelýär. Diňe ösüp barýan ýurtlarda däl, eýsem halkara guramalary tarapyndan korrupsiýanyň işiň dürli çygyrlarynda giňden ýaýrandygyna şaýatlyk edýän ýörite dokladlar, hasabatlary we ylmy barlaglar yzygiderli neşir edilýär.
Gazagystan, korrupsiýa bilen bagly taraplary jogapkärçilige çekmek tejribesi bilen jemgyýetde paýhaslylygyň we öňüni alyş işleriň yzygiderli ösüşini utgaşdyrýan dogry strategiýany saýlap aldy. Netijeler aýdyň. Bütindünýä banky tarapyndan “Döwlet dolandyryşynyň görkezijisi” (The Worldwide Governance Indicators) atly her ýyl geçirilýän barlaga laýyklykda “Korrupsiýa gözegçiligi” görkezijisi boýunça Gazagystan, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 2018-nji ýylda öz görkezijilerini iki esse gowulandyrdy. Bäsdeşlige ukyplylygyň bütindünýä IMD (IMD World Competitiveness Ranking) reýtinginde, parahorlyga we korrupsiýa garşy göreşmek görkezijisi boýunça Gazagystanyň görkezijileri diňe bir GDA beýleki ýurtlaryňka garanyňda däl-de, Günorta Koreýa, Ysraýyl, Ispaniýa ýaly döwletler bilen deňeşdirilende hem has ýokarydyr.
Korrupsiýany duýmak indeksinde Gazagystan mümkin bolan 100 balldan 34 ball aldy we 180 ýurduň arasynda, 113-nji ýere mynasyp boldy. Şeýlelikde, öz görkezijilerini, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 3 ball artdyrdy we 11 orun ýokary galdy.
Her ýurduň tapawudy we öz aýratynlyklary bar. Pes korrupsiýa derejeli döwletleriň derejesine çykmakdaky öz okgunlylygynda Gazagystan bu maksada ýetmekde özüni görkezen çemeleşmeleri we ýörelgeleri, şeýle hem hemmetaraplaýyn mehanizme öwrülen gurallary işjeň ulanyp başlady.
Bu ugurda, nobatdaky ädim – korrupsiýa garşy göreşmek boýunça milli ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň bilermenler kuwwatyny çekmäge mümkinçilik berjek GRECO (Korrupsiýa garşy göreşýän döwletleriň topary) goşulmagy boldy.
Umuman, edilen işler az däl. Giň gerimli awtomatlaşdyrma döwlet hyzmatlarynyň çygryndaky korrupsiýanyň derejesini dörtden üç böleginden gowrak derejede peseltmäge mümkinçilik berdi. Raýatlaryň adalatly kazyýet ulgamyna bolan elýeterliligi düýpli giňeldildi. Döwlet edaralaryny parahor işgärlerden düýpli arassalamak işleri amala aşyryldy. Bu ýagdaý soňky ýyllarda korrupsiýa boýunça hukuk bozulmalaryň sanynyň durnukly peselýändigini görkezýär.
Geçen ýylyň noýabrynda Prezident tarapyndan, garamagyndaky işgärleriň korrupsiýa boýunça hukuk bozmasyny amala aşyrylan ýagdaýynda döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny işden çykarmak we şahsy düzgün nyzam jogapkärçiligine çekmek institutyny göz öňünde tutýan kanuna gol çekildi.
Hususan-da, eger-de döwlet edarasynyň wezipeli adamy korrupsiýa boýunça kazyýet jogapkärçiligine çekilen bolsa, onuň gönüden-göni ýolbaşçysy şahsy jogapkärçilik çekýär. Eger-de ol syýasy, döwlet gullukçysy – ministr, ministriň orunbasary, degişli häkim we olaryň orunbasarlary bolsa, onda gürrüň wezipesinden boşatmak barada barar we soňky netijäni Prezident çykarar. Eger-de, bu meselede dolandyryjy döwlet gullukçylaryna degişli ýolbaşçy bolsa, onda ol düzgün-nyzam jogapkärçiligine, işden çykarmak çäresine çenli çekiler. Şunuň bilen birlikde, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna öz garamagyndaky işgärler tarapyndan edilen korrupsiýa boýunça hukuk bozulmalary barada habar bermek borçlary girizilýär. Şeýle çäreler kabul edilmedik ýagdaýynda, düzgün-nyzam jogapkärçiligi ýüze çykýar.
Şol kanun bilen hem, respublikan we ýerli derejede jemgyýetçiligi giňden çekmek bilen, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy ekspertizasy dikeldiler. Korrupsiýa garşy göreşmekde raýatlary çekmek işlerini güýçlendirmegiň başga görnüşi – korrupsiýa ýagdaýlaryny habar berendigi üçin raýatlary sylaglamak ulgamy üýtgedilmegi bolar. Eger-de häzirki wagtda şeýle ýagdaýlarda iň ýokary sylag 250 müň teňňeden ybarat bolsa, ýakyn wagtlarda bu möçber birnäçe milliona çenli artar. Agentligiň teklibi boýunça ýakyn wagtlarda döwlet gullukçylaryna iş ýerlerinde smartfonlardan peýdalanmaga ýene-de rugsat beriljekdigini belläp geçmek zerurdyr, bu ädim, şol sanda raýatlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça soraglarda hem işiň dessinligini tapawutly derejede ýokarlandyrar.
Şeýle-de korrupsiýanyň düýpli sebäplerini aradan aýyrmak, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete düşýän paýyny azaltmak, nagt pul dolanyşygyny peseltmek, döwlet gullukçylarynyň zähmetine tölenilýän haky duýarlykly derejede ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet edaralaryny we olaryň garamagyndaky guramalary amatly görnüşe geçirmek, şeýle hem barlag-gözegçilik wezipelerini kemeltmek işleri hem dowam etdiriler.
Toplumlaýyn durmuşa geçirilmeginiň netijesinde korrupsiýanyň düýpli peselmegine mümkinçilik berjek başga-da kanuny çäreleriň birnäçesi teklip edildi. Olaryň esasysy bikanun baýamak boýunça jogapkärçiligi girizmek, uçdantutma ähli döwlet gullukçylaryň çykdajylary we girdejileri barada beýannamany neşir etmäge borçlandyrmak, şeýle hem “Integrity Testing” institutyny, sada dil bilen düşündirilende hünär satylmazlygynyň barlagyny girizmek bolup durýar.
Kanunyň talaplaryna eýermegiň esasynda onuň ruhuna düşünmek we akyl ýetirmek dur. Şu mümkinçilikleri bilen adam diňe berlen algoritmiň çäklerinde işleýän maşyndan tapawutlanýar. Kanunyň ruhy islendik hereketleriň maksada laýyklygyny kesgitleýär. Gazagystan, paýhaslylyk ýaly düýpli ahlak gymmatlyklary bolmasa, kanuna bolan hormatyň bolmajakdygyndan ugur alýar.
Paýhaslylyk – hususan-da jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirilen häzirkizaman döwlet dolandyryşyň bütin ulgamynyň esasy bolup durýar. Gürrüň raýatlaryň korrupsiýa garşy kämil medeniýeti we hukuk ulanyş tejribesi hakynda barýar. Bu YHÖG-iň syýasatynyň emele gelmeginiň esasydyr. Bu bolmasa, göwrümli durmuş öwrülişigini amala aşyryp bolmaýar. Paýhaslylyk açyk hem adalat jemgyýetiň hereketine päsgel berýän ähli zatlardan aýgytly ýüz öwürmegini aňladýar.
Ilkinji ädim hökmünde Gazagystan döwlet edaralarynyň açyklyk, aýdyňlyk we hasabatlylyk derejesini şekillendirýän köpçülikleýin reýtingini kesgitlemek usulyny işläp taýýarlamaklygy göz öňünde tutýar. Paýhaslylyk döwlet gullukçylary üçin esasy ahlak gymmatlygyna öwrülmelidir. Özi-de, diňe olar üçin däl. Mysal üçin, kwazi-döwlet sektoryň aýry-aýry milli kompaniýalarynda paýhaslylygy üpjün edip biljek netijeli gurallaryň biri bolmaga ukyby bolan özbaşdak kompleans-gulluklary işläp başlady.